Garagum derýasynyň 1006-njy kilometrliginde suw sazlaýjy-böwetleýji desga guruldy

09:2623.03.2023
0
23318
Garagum derýasynyň 1006-njy kilometrliginde suw sazlaýjy-böwetleýji desga guruldy
Surat: turkmenistan.gov.tm

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň çäginde, Garagum derýasynyň 1006-njy kilometrliginde geçirijiligi sekuntda 68,2 kub metre barabar bolan suw sazlaýjy-böwetleýji täze desga dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Täze desga Garagum derýasynyň 1002-nji kilometrligindäki 5-nji Suw göteriji toplumyň suwunyň derejesini ygtybarly sazlamak üçin niýetlenendir.

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Türkmensuwylmytaslama» instituty tarapyndan taýýarlanan bu möhüm taslamany Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Suw ulgamlaryny we desgalaryny gurmak boýunça Merkezi direksiýasynyň buýurmasy esasynda Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Garagum Altyn asyr Türkmen köl gurluşyk» önümçilik dolanyşygynyň hünärmenleri bildirilýän talaplara laýyk amala aşyrmagyň hötdesinden geldiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň