Lýuksemburg hem-de Arkadag şäherleri dogan şäherlere öwrülerler

17:1422.03.2023
0
23188

Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Lýuksemburgyň Beýik Gersogyna ynanç hatyny gowşurmak üçin Lýuksemburga iş saparyny amala aşyrýar.

Resminamalary gowşurmak dabarasy 22-nji martda meýilleşdirilýär, sişenbe güni, 21-nji martda Pälwanowyň Lýuksemburg şäheriniň häkiminiň orunbasary Moris Bauer bilen duşuşygy bolup geçdi. Bu barada Belgiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda salgylanyp, «Orient» habar berdi.

Türkmenistanyň Brýusseldäki diplomatik gullugynyň ýolbaşçysy Lýuksemburg şäher häkimliginde Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi — täze Arkadag şäherini tanyşdyrdy.

Diplomat şäher hojalyk guramaçylygy ulgamynda, şol sanda durmuş-ýaşaýyş, howpsuzlyk ulgamlarynda, elektromobillere gönükdirilen ulag pudagynda we ş.m. häzirki zaman çözgütleri durmuşa geçirmäge esaslanýan «akylly» şäheriň gurluşygynyň ileri tutulýan ugurlarydyr aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Duşuşykda türkmen diplomaty Moris Bauer bilen iki paýtagt şäher — Lýuksemburg bilen Aşgabadyň arasynda dogan şäher gatnaşyklaryny ýola goýmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy. Diplomat türkmen tarapynyň dünýäniň dürli şäherleri bilen hyzmatdaşlygyň bu görnüşini üstünlikli durmuşa geçirýändigini, munuň telekeçilik, medeniýet, bilim ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmäge ajaýyp mümkinçilik döredýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow 2023-nji ýylyň ýanwarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Niderlandlarda we Lýuksemburgda diplomatik wekilhananyň başlygy wezipesine bellendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň