Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy Nowruz baýramyna bagyşlanan sergi-ýarmarkasyny guramaga gatnaşdy

16:2122.03.2023
0
48965

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy, Hindistanyň we Eýranyň Buharestdäki ilçihanalary bilen bilelikde ARCUB Medeniýet merkeziniň kömegi bilen Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan «Täze Gün, täze durmuş» şygary bilen sergi-ýarmarkasy gurady. Her ýurt sergi-ýarmarkasynyň çäginde milli diwarlygyny gurady.

Baýramçylyk maksatnamasynyň çäginde sergi-ýarmarkasynyň dabaraly açylyşy bolup, onda guramaçylar çykyş etdiler. Ýurtlaryň medeni mirasyna bagyşlanan milli sergiler myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Türkmenistanyň ilçihanasynyň sergisinde myhmanlar ýurduň ykdysady üstünlikleri we medeni mirasy bilen tanyşdylar. Myhmanlara türkmen halylary, milli eşikler, türkmen senetçileriniň keşdeleri, kümüş şaý-sepler, saz gurallary, Türkmenistan hakda reňkli suratlar hödürlendi. Şeýle hem myhmanlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistan baradaky beýleki neşirleriň ylmy işleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Serginiň dowamynda Türkmenistanda geçirilen dabaralar, türkmen halk döredijiligi we küştdepdi ýaly milli tanslar barada wideolar görkezildi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

Sergä Rumyniýanyň resmi guramalarynyň wekilleri we diplomatik gulluklarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik işgärleri, Buharestiň ýaşaýjylary, metbugat wekilleri, Buharestdäki uniwersitetlerde okaýan türkmenistanly talyplar gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň