BMG-niň ştab-kwartirasynda Nowruz baýramy bellendi

11:3122.03.2023
0
31964
BMG-niň ştab-kwartirasynda Nowruz baýramy bellendi
Surat: worldatlas.com

Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Nowruz baýramy bellenildi. Dabarada guramanyň baş sekretary Antoniu Guterriş gutlag sözi bilen çykyş edip, bu senäniň täze günüň we täze ýylyň başlanandygyny alamatlandyrýandygyny aýtdy. Bu barada «Habar 24» ýazýar.

Baş sekretaryň sözlerine görä, Nowruz medeni mirasyň hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň baýramydyr. Emma häzir olara howp abanýar diýen Guterriş gapma-garşylyklary, howanyň üýtgemegini we nyrhlaryň gymmatlamagyny ynsanperwer gymmatlyklara howp hökmünde görkezdi.

Guterriş şunuň bilen baglylykda, geljege umyt we aýgytlylyk bilen seretmäge çagyrdy.

Ýeri gelende aýtsak, 2010-njy ýylda BMG 21-nji marty Halkara Nowruz güni hökmünde yglan etdi, 2009-njy ýylda bolsa bu baýramçylyk ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyň sanawyna girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň