Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanyň Prezidenti ýurduň rekord derejedäki altyn gory barada habar berdi

14:4422.03.2023
0
37763
Gyrgyzystanyň Prezidenti ýurduň rekord derejedäki altyn gory barada habar berdi
Surat: rbc.ru

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Respublikanyň altynyň rekord derejede goruny toplandygyny habar berdi diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

«Hökümetiň şahalarynyň işiniň ugtaşdyrylmagy garaşsyz Gyrgystanyň taryhynda iň köp altyn goruny toplamaga mümkinçilik berdi. Biz olary garaşylmadyk ýagdaýlar üçin strategik ätiýaçlyk gor hökmünde saklaýarys» diýip, Žaparow Nowruz baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzir planeta dürli tebigy betbagtçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar, iri harby gapma-garşylyklar döreýär, dünýä ykdysadyýeti sarsgynlary başdan geçirýär, olaryň netijeleri bolsa, bütin dünýä täsir edýär.

«Olar bizden hem sowlup geçmedi, nyrhlaryň ösüşinde özüni bildirdi. Emma muňa garamazdan, biz durmuş ulgamynyň we döwlet gullukçylarynyň aýlyk haklaryny ýokarlandyrmagy başardyk. Biz şeýle-de howpsuzlyk we goranmak ulgamynda köp işleri bitirdik, sebäbi ýurduň bütewiligi häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda ilkinji orna çykýar.

Biz milliardlary sarp edip, häzirki zaman harby tehnikasyny satyn aldyk» diýip, gyrgyz Prezidenti belledi.

Žaparow islendik ýurduň beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklary ýola goýmazdan, özbaşdak ösüp bilmejekdigini nygtap, dostlukly halkara gatnaşyklarynyň wajypdygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, Gyrgyz Respublikasy şeýle gatnaşyklary häzirki döwürde has-da ösdürýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň