Soňky habarlar

Arhiw

Ruslan Mingazow Malaýziýa bilen boljak oýun üçin Türkmenistanyň milli ýygyndysyna çagyryldy

15:2821.03.2023
0
47668

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň tälimçiler düzümi mart aýynda geçiriljek ýoldaşlyk duşuşyklary üçin ýygynda çagyrylan futbolçylary mälim etdiler. Olaryň arasynda Gonkongyň «Kitçisiniň» ýarym goragçysy Ruslan Mingazow hem bar.

31 ýaşly Mingazow milli ýygyndydaky ilkinji duşuşygyny 2009-njy ýylda geçiripdi. Onuň milli ýygyndyda 26 duşuşygy we 4 goly bar.

Türkmen ýygyndysy 23-nji martda Malaýziýanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Ruslan Mingazow geçen ýylyň noýabr aýynda «Turkmenportala» beren interwýusynda milli ýygynda dolanyp barmak umydynyň bardygyny aýdypdy. Ol pandemiýa sebäpli ýygyndynyň soňky duşuşyklaryna gatnaşyp bilmändi. Şeýle hem Mingazow milli ýygyndymyzyň Aziýanyň kubogyna gatnaşyp bilmeýändigi üçin gynanç bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň