Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynda çärýek final duşuşyklarynyň bijeleri çekildi

12:0022.03.2023
0
53114

18-nji aprelde futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berler. Şu ýyl bu ýaryşa 8 topar gatnaşar ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Has takygy, ýeňijini geljek möwsümde yklym ýaryşlaryna alyp çykjak Kubok ýaryşyna Aşgabat şäherinden «Aşgabat», «Altyn asyr» we «Köpetdag», Mary welaýatyndan «Merw» we «Energetik», Balkan welaýatyndan «Nebitçi» hem-de «Şagadam», Ahal welaýatyndan bolsa «Ahal» futbol topary gatnaşar.

Ýakynda federasiýanyň edara binasynda çärýek final duşuşyklarynyň bijeleri çekildi. Olara görä, çärýek finalda «Merw» bilen «Aşgabat», «Ahal» bilen «Şagadam», «Altyn asyr» bilen «Nebitçi», «Köpetdag» bilen bolsa «Energetik» güýç synanyşar. Çärýek final tapgyrynyň birinji duşuşyklary 18-nji, jogap duşuşyklary bolsa 29-njy aprelde geçiriler.

Federasiýa ýarym final duşuşyklaryny 13-nji we 27-nji maýda geçirmegi meýilleşdirýär. Final duşuşygynyň senesi bolsa biraz soňrak mälim ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň