Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Tbilisidäki «Uly tuwulga» ýaryşyna gatnaşar

14:2221.03.2023
0
26838

Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndy topary 24 — 26-njy mart aralygynda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde geçiriljek «Uly Tuwalga» ýaryşynda çykyş eder. Bu barada Halkara Dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýty habar berýär.

Ýaryşa gatnaşan türkmen ýygyndysyna 10 türgen wekilçilik eder. Erkekler toparynda Aýbek Omirow, Hakberdi Jumaýew (ikisi hem 60 kilograma çenli agram derejesinde), Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (ikisi-de 66 kilograma çenli agram derejesinde), Parahat Nazarow (72 kilograma çenli agram derejesinde) ýaly ussatlar bar.

Zenanlar ýygyndysyny bolsa Aksoltan Hojageldiýewa, Gurbanaý Gurbanowa (ikisi hem 48 kilograma çenli agram derejesinde), Saýara Rozyýewa (52 kilograma çenli agram derejesinde), Maýsa Pardaýewa (57 kilograma çenli agram derejesinde) hem-de Zulhumar Daşgynowa (63 kilograma çenli agram derejesinde) dagy düzýär.

Türkmenistanly dzýudoçylar Gahryman Amandurdyýew bilen Tatýana Widýasowanyň tälimçiliginde çykyş ederler.

Tbiliside geçjek ýaryşa 63 ýurtdan 443 türgen gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň