Soňky habarlar

Arhiw

«KIBERone» Nowruz baýramy mynasybetli okuwlarda arzanladyş yglan edýär

17:5320.03.2023
0
32363

Çagalar üçin programma mekdebi «KIBERone» Nowruz baýramy mynasybetli gysga möhletli arzanladyş çäresini geçirýär: 21-nji we 22-nji martda çagasyny programmirleme okuwlaryna ýazdyrmaga ýetişen ene-atalar okuw üçin 15% arzanladyş alarlar.

«KIBERone» mekdebinde geçilýän sapaklarda çagalar programmirlemek, saýtlary we ykjam programmalary düzmek endiklerini özleşdirýärler, grafiki redaktorlar bilen işlemegi, «Minecraft» we multfilmler esasynda öz oýunlaryny döretmegi, wideolary seplemegi we başga-da köp zatlary öwrenýärler.

«KIBERone» mekdebinde geçilýän programmirleme sapaklary intellektiň we döredijik ukyplarynyň ösmegine itergi berýär, şeýle hem häzirki döwrüň iň köp talap edilýän we ýokary zähmet haky tölenýän hünärleriniň biriniň esaslaryny özleşdirmäge mümkinçilik döredýär.

Okuwlar 6 ýaşdan 16 ýaşa çenli mekdep okuwçylary üçin gurnalýar. Sapaklar hepdede iki gezek 2 sagadyň dowamynda geçirilýär.

Okuwlar we baýramçylyk arzanladyşlary barada has giňişleýin maglumat üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: (+993 63) 63 91 92, (+993 62) 52 56 38.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň