Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystanynyň patyşasy Eýranyň Prezidentini ýurduna sapara çagyrdy

16:1620.03.2023
0
40318
Saud Arabystanynyň patyşasy Eýranyň Prezidentini ýurduna sapara çagyrdy
Surat: news.israelinfo.co.il

Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman bin Abdel Aziz Al Saud Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisini Er-Riýada resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu barada EYR-iň Prezidentiniň diwanyndaky syýasy meseleler boýunça kömekçisi Mohammad Jamşidi habar berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

Jamşidi öz habarynda Saudyň Patyşasynyň Eýranyň döwlet Baştutanyny özara gatnaşyklary berkitmäge çagyrýandygyny nygtady. Onuň sözlerine görä, ýurduň Prezidenti Raisi hem Patyşanyň çakylygyny kabul edip, Eýranyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny belledi.

Habarda bellenişine görä, bu alty ýyllyk arakesmeden soňra iki ýurduň arasynda gatnaşyklary berkitmäge ilkinji gyzyklanma bildirilmegidir.

Martyň başynda Saud Arabystany, Eýran we Hytaý bilelikdäki beýannama çap edipdiler, onda Eýran bilen Saud Arabystanynyň HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň araçylygynda gatnaşyklary dikeltmek barada ylalaşyga gol çekendikleri habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň