Soňky habarlar

Arhiw

«Daýhanbank» POS terminallarynyň sany boýunça Türkmenistanda öňdebaryjy boldy

12:2920.03.2023
0
19886

«Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky 2023-nji ýylyň mart aýynyň başynda Türkmenistanda POS terminallarynyň (Point of sale) sany boýunça öňdebaryjy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Banky tarapyndan habar berildi.

Habar berlişi ýaly, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň hasabynda 8 934 sany POS terminaly bar. Bu görkeziji boýunça «Türkmenistan» banky (8085 terminal) ikinji, «Halkbank» (7,737 terminal) bolsa üçünji orunda ýerleşdi.

«Daýhanbankyň» POS terminallary, esasan, Türkmenistanyň welaýatlarynda gurnalandyr. Şeýlelik bilen, olaryň köpüsiniň Lebap (2527), Mary (1989) we Daşoguz (1729) welaýatlarynda ýerleşýändigi habar berildi.

Sanawda ilkinji üçlüge girýän beýleki banklaryň —«Türkmenistan» we «Halkbank» banklarynyň POS terminallarynyň köpüsiniň, Aşgabatda gurnalandygy bellenilýär hem-de olaryň, degişlilikde, 3 357 we 2 413 sany terminalynyň paýtagtda hereket edýändigi aýdylýar.

2023-nji ýylyň 1-nji martyna çenli POS terminallarynyň sany boýunça Türkmenistandaky banklaryň doly sanawy:

  • «Daýhanbank» DTB — 8 934;
  • «Türkmenistan» DTB — 8 085;
  • «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky — 7 737;
  • «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky — 5 666;
  • «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky — 4 606;
  • «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky — 3 937;
  • Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky — 1 768;
  • Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky — 1 213.

POS terminaly — töleg kartalary arkaly töleg etmek üçin niýetlenilen elektron programma-tehnika enjam enjamy. Ol çipli, magnit zolakly we galtaşyksyz kartlary, şeýle hem galtaşyksyz baglanyşýan beýleki enjamlary kabul edip bilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň