Soňky habarlar

Arhiw

«Kümüş Ýüpek» dükanynda haly we haly önümlerine 50% arzanladyş dowam edýär

11:5420.03.2023
0
40055

Milli bahar baýramy — Nowruz baýramynyň bosagasynda Halajyň «Kümüş Ýüpek» kärhanasy öz dükanynda ähli haryt görnüşlerine 30%-den 50%-e çenli arzanladyşyň dowam edýändigini ýatladýar.

Kärhananyň Aşgabatda ýerleşýän dükanynda öz ajaýyplygy bilen tapawutlanýan haly önümleri, namazlyklar, halyçalar, şeýle-de milli göller we nagyşlar bilen bezelen haly horjunlary hem-de beýleki aksessuarlar alyjylara hödürlenýär.

«Kümüş Ýüpek» kärhanasynyň hünärmenleri şeýle-de müşderileriň özbaşdak isleglerini göz öňüne tutup, dürli ölçeglerde we formalarda myhman otagy, ýatylýan otag, çagalar otagy we dürli ýerler üçin halylary dokap berýärler. Şunda dürli stilistika kybap gelýän awtorlyk gölüni dokamak mümkinçiligini hem bellemek bolar.

Hyzmatlaryň hataryna kärhananyň hünärmeniniň degişli öýüň ölçeglerini we interýeriň aýratynlyklaryny baryp tanyşmagy hem girýär.

Ýetip gelýän Halkara Nowruz baýramy mynasybetli özüňizi we ýakynlaryňyzy «Oguzkent» myhmanhanasynyň 1-nji gatynda ýerleşýän «Haly» dükanyndan nepis halylary bilen begendirip bilersiňiz.

Elde dokalýan halylary ýurduň ähli ýerlerine sargyt etmek mümkinçiligi bardyr. Şeýle-de sargydy kärhananyň turkmen–carpets.com saýty arkaly hem ýerine ýetirip bolýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 61) 58 56 94, (+993 64) 95 43 99.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň