Turkmenportal logo
20.03.23
2278122781
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär okuw mekdebi okuwlara çagyrýar
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär okuw mekdebi okuwlara çagyrýar

Dellekçilik hünärini halaýanlary we bu hünär boýunça tejribesini ösdürmek isleýänleri, matany nagyşlamagyň inçe syrlaryny öwrenesi gelýänleri, şeýle-de tejribeli suratkeş bolup, şekillendiriş sungatynda öz mynasyp ornuny tapmagy maksat edinýänleri hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär okuw mekdebi gysga möhletli okuwlara çagyrýar. Okuwlar töleglidir.


Okuwy tamamlanlara döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär.


Salgysy: Aşgabat şäheri Mäti Kösäýew köçesiniň 68-nji jaýy.


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36-10-09; 36-38-64