Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi sürüjilik okuwlaryna çagyrýar

11:1420.03.2023
0
40871

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny sürüjilik şahadatnamalarynyň ähli derejeleri boýunça sürüjilik okuwlaryny geçmäge çagyrýar.

Häzirki wagtda tutuş Türkmenistan boýunça 39 sany sürüjilik mekdebi hereket edýär. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň şahamçalarynda awtoýollar we amaly sürüjilik endiklerini kämilleşdirmek üçin ýörite meýdançalar göz öňünde tutulandyr. Okuw otaglary döwrebap tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrylandyr, bilim bermek işi bolsa iň soňky okuw usullaryna esaslanýar.

Awtomekdebe girmek üçin aşakdaky resminamalary tabşyrmak zerurdyr: pasportyň asyl nusgasy we göçürmesi, lukmançylyk kepilnamasy (forma № 83), narkologdan we psihiatrdan saglyk hakynda kepilnama, 3x4 ölçegdäki üç sany surat.

Mundan başga-da, sürüjilik okuwyny geçmek isleýänler awtomekdep.edu.tm resmi saýtynda hasaba alnyp, ýokarda sanalan resminamalaryň skanirlenen göçürmelerini berip bilerler.
Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň salgylary we habarlaşmak üçin maglumatlary bilen aşakdaky salgyda tanşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň