Turkmenportal logo
20.03.23
2233522335
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň orta mekdeplerinde afrika dilleri öwrediler
Russiýanyň orta mekdeplerinde afrika dilleri öwredilerSurat: bessarabiainform.com

Moskwanyň Döwlet uniwersitetiniň Aziýa we Afrika ýurtlary institutynyň direktory Alekseý Maslow suahili we amhar afrikan dilleriniň rus mekdeplerinde öwredilip başlanjakdygyny habar berdi. Bu barada ol «Russiýa — Afrika» halkara parlamentara maslahatynda aýtdy diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.


Maslow institutda tas ýiten dilleri öwretmegiň dikeldilýändigini nygtady. Onuň sözlerine görä, Russiýada Afrikanyň mentalitetine we ösüşiniň esasy ülňülerine düşünmäge ukyply täze nesil taýýarlanýar.


Öň Merkezi Afrika Respublikasynyň Prezidenti Fosten-Arkanža Tuadera ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde rus diliniň hökmany öwrediljekdigini habar beripdi.