Soňky habarlar

Arhiw

Şokolad haryt nyşanlary «Lindt» we «Godiva» Remezan aýy mynasybetli 50% arzanladyş yglan etdiler

09:3720.03.2023
0
22082

Türkmenistanda Remezan aýynyň dowamynda Ýewropanyň saýlama şokolad haryt nyşanlary «Lindt» we «Godiva» 50% arzanladyş yglan etdiler.

Şweýsariýa we Belgiýa şokoladyny öndürijileriniň sergi otagynda körpeje süýjüçillerden başlap, şokoladyň tagamynyň inçeliklerine gowy düşünýän gurmanlaryň göwnünden turjak ýokary hilli süýjülikleriň dürli görnüşleri hödürlenýär.

Aşgabatdaky sergi otagynyň hödürleýän önümleriniň hatarynda jemi 100-den gowrak görnüş bar: süýjüler, şokolad plitkalary, kökeler, assorti süýjülikler toplumlary we beýlekiler.

Şeýle-de sergi otagynda sowgatlyk gutuda şokolad toplumyny sargyt etmek mümkindir. Mundan başga-da, Türkmenistanyň ýaşaýjylary tutuş ýurt boýunça hereket edýän eltip bermek hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.

Arzanladyş aksiýasy 21-nji aprele çenli dowam eder.

«Lindt» we «Godiva» sergi otagy Aşgabat şäheriniň Alyşir Nowaýy köçesiniň ugrundaky «Altyn zaman» binasynyň 1-nji gatynda ýerleşýär.

Goşmaça maglumat üçin telefonlar: (+993 65) 90 00 05, (+993 63) 73 22 44.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň