Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ― Eýran söwda dolanyşygy 32,18 göterim artdy

22:3919.03.2023
0
17730

Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň maglumatlaryna görä, Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda dolanyşygy soňky 11 aýyň içinde ― 2022-nji ýylyň 21-nji martyndan 2023-nji ýylyň 19-njy fewraly aralygynda 435,73 million dollara ýetip, ozalky ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 32,18 göterim ösüş gazanyldy. Bu barada «Financial Tribune» habar berýär.

Şeýle hem, kesgitlenen döwürde Eýranyň Hazarýaka döwletleri bilen söwdasynyň (çig nebit eksportyndan başga) 3,34 milliard dollarlyk 5,99 million tonna bolandygy bellendi.

Hazarýaka döwletleriniň arasynda Eýranyň esasy söwda hyzmatdaşy Russiýa (1,97 milliard dollar, 3,36 million tonna) boldy. Ondan soň 636,55 million dollarlyk 715,780 tonna ýük bilen Azerbaýjan, 435,73 million dollarlyk 1,2 million tonna ýük bilen Türkmenistan we 292,99 million dollarlyk 709,016 tonna ýük bilen Gazagystan bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň