Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Rahymow dzýudo boýunça ýaşlaryň arasyndaky Ýewropanyň kubogynda altyn medal gazandy

19:4019.03.2023
0
17198

Türkmenistanly dzýudoçy Serdar Rahymow ýaşlaryň arasynda geçen Ýewropanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda altyn medal gazandy. Bu Türkmen döwlet-binagärlik institutynyň 1-nji ýyl talybynyň 66 kilogarm agramda dünýäniň 13 döwletinden 27 türgeniň gatnaşmagynda geçirilen ýeňişde gazanan uly üstünligi boldy.

S.Rahymow Bosniýa we Gersegowinanyň Saraýewo şäherinde geçen ýaşlaryň arasyndaky Ýewropanyň Kubogyna 66 kilograma çenli agram derejesinde gatnaşdy. Ildeşimiz bu ýaryşda bäsleşen garşydaşlarynyň ählisini ýeňlişe sezewar etdi. Ol jemleýji duşuşykda rumyniýaly Flawiý Lunguny 2 minut 46 sekuntda ipon bilen ýeňip, nobatdaky ýeňşini gazandy. Rumyniýaly türgen şu agramdaky ýaryşyň kümüş medalyny eýelese, öňdäki üçlügi niderlandlardan Ýohem Wan Harten jemledi.

Serdar Rahymow şu aýda ikinji uly üstünligini gazanýar. Bir hepde ozal, ol Italiýanyň Rim şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda kümüş medal gazanypdy.

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynda dzýudo bilen meşgullanyp başlan Serdar Rahymow häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Gahryman Amandurdyýewiň ýolbaşçylygynda uly ýaryşlara taýýarlanýar.

Saraýewodaky ýaşlaryň arasyndaky Ýewropa Kuboggyna 18 döwletden 268 türgen gatnaşýar. Erkekleriň we zenanlaryň arasynda 7 agramda 14 medal toplumy ugrunda bäsleşik geçirilýär.

Türkmenistanyň ýygyndysy bu ýaryşa 10 dzýudoçy bilen gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň