Turkmenportal logo
19.03.23
2222022220
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy ― Aziýanyň we Okeaniýanyň wise-çempiony!
Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy ― Aziýanyň we Okeaniýanyň wise-çempiony!Surat: iihf.com

Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň we Okeaniýanyň bilelikdäki çempionatynda ajaýyp üstünlik gazandy. Türkmen ýygyndysy ýaryşa gatnaşan 6 ýygyndynyň dördüsinden öňe saýlanyp, kümüş medal gazanmagy başardy.


Türkmenistanly ýetginjekler ýaryşdaky ilkinji duşuşygynda Özbegistanyň ýygyndysyndan 0:5 hasabynda utulan hem bolsa, soň dört duşuşykda Tailandy 4:3, Birleşen Arap Emirliklerini 7:2, Mongoliýany 6:4, Eýrany 14:1 hasabynda ýeňdi.


Şeýlelikde, bäş duşuşykda dört ýeňiş gazanan türkmen hokkeýçileri bu duşuşykda garşydaş derwezelere 31 şaýba geçirmegi başardylar. Guwançmyrat Jepbarowyň şägirtleri ýaryşyň çempiony Özbegistanyň ýygyndysyndan bary-ýogy 3 utuk yza galdylar. Üçünji orny bolsa Mongoliýanyň ýygyndysy eýeledi.


Türkmenistanly hokkeýçiler Matweý Arhipow bilen Röwşen Aşyrowyň bäş duşuşykda 6 gezek tapawutlanyp, iň netijeli oýunçylaryň ilkinji bäşligine girmegi hem guwandyryjy ýagdaýdyr. Şeýle hem Matweý Arhipow 7 assist bilen ilkinji dörtlüge girdi. Türkmen ýygyndysynyň derwezeçisi ýaryşyň iň gowy derwezeçileriniň arasynda ikinji orny eýeledi.