Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Nowruz baýramy uludan belleniler

14:0118.03.2023
0
20922

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly hem-de köpugurly belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini beýan edip, halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Häzirki wagtda 21-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Nowruz ýaýlasynda» baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Baýramçylyk dabarasyna Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata çagyrylan daşary ýurtly myhmanlary hem gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan Nowruz baýramynyň ähmiýetine ünsi çekip, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň