Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda kazyýet işini döwrebaplaşdyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

22:3217.03.2023
0
19119

Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň V maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. 17-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen forumyň gün tertibine ýurduň kazyýet edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli meýilnamalaýyn işler maslahatda garalan meseleleriň hatarynda boldy. Şunuň bilen baglylykda, kazyýet edaralarynyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň ähmiýetine üns çekildi.

Maslahatyň netijeleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň