Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti talyp ýaşlary fotožurnalistika bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar

12:3718.03.2023
0
41924

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Dana Pyragy we gözel türkmen tebigaty» atly fotožurnalistika bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşik ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünärinde okaýan talyplary, şeýle hem dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan talyplary gatnaşyp biler.

Her bir gatnaşýan talyp https://iuhd.edu.tm/competition/84 internet sahypasy arkaly hasaba alynmalydyr. Bäsleşige gatnaşyjylary hasaba almak 2023-nji ýylyň 5-nji maýyndan 20-nji maýy aralygynda dowam eder.

Bäsleşik iki dereje boýunça geçiriler:

  • I derejä – žurnalistika hünärde okaýan talyplar gatnaşyp biler;
  • II derejä – žurnalistika hünärinden başga islendik hünärde okaýan talyplar gatnaşyp biler.

Bäsleşige gatnaşýan talyp bellenen internet sahypasyna öz salgylanmasyny ugratmaly; ugradan salgylanmalaryna her bir gatnaşyja belli bir ID nomer mysal üçin:001 berler we şol ID-ni suratyň adyna ýazyp, öz düşüren suratyny ugratmaly. Eger dalaşgär diňe 1 surat hödürleýän bolsa, 001.JPG görnüşde, eger birnäçe surat hödürleýän bolsa ID nomeriň yzyna hödürleýän surat sanyna görä nomer goýup ugratmaly mysal üçin: 001_1.jpg, 001_2.jpg, ............. 001_5.jpg görnüşinde 2023-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli iuhd.socialcontest@gmail.com elektron poçtasyna ugratmaly.

Bäsleşige gatnaşýan talyp suraty özbaşdak düşürmeli, surat göçürilen bolmaly däl. Surat awtoryň özi tarapyndan tabşyrylmaly; eger-de surat plagiat bolan ýagdaýynda bäsleşikden aýrylar. Bäsleşige hödürlenýän suratlar hiç bir ýerde çap edilen ýa-da ýerleşdirilmedik bolmaly.

Iň oňat suratlaryň awtorlary diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň