Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 1-nji synp okuwçylaryna noutbuklary satyn almak üçin şertnama baglaşar

22:2017.03.2023
0
23104

«Agzybirlik tilsimaty» we «Aýdyň gijeler» türkmen tehnologiýa kompaniýalary 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli noutbuk öndürmek we bilim edaralaryny üpjün etmek we olara hyzmaty bermek üçin ýurdumyzyň Bilim ministrligi bilen şertnama baglaşarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Bu resminama, 2023-2024-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň orta mekdeplerine kabul edilen birinji synp okuwçylaryna noutbuklaryň sowgat berilmegini göz öňünde tutýar.

Programma üpjünçiligini gowulandyrmak, çaga ulanyjylary üçin hil ülňülerine we lukmançylyk talaplaryna laýyklykda öndürilen mekdep okuwçylary üçin «Bilimli» kompýuterleriň ýadyny we kuwwatyny ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň