Turkmenportal logo
17.03.23
2670526705
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ikitaraplaýyn gatnaşyklary kämilleşdirmek boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi
Ikitaraplaýyn gatnaşyklary kämilleşdirmek boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildiSurat: mfa.gov.tm

16-17-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi.


Geňeşmeleriň dowamynda hereket edýän we öz güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara ylalaşyklardyr şertnamalaryň, şeýle hem iki ýurduň garamagyndaky resminamalaryň taslamalarynyň sanawyna seredildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.


Diplomatlar ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadynyň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerini kesgitlediler we onuň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegi boýunça gepleşikleri ulgamlaýyn esasda dowam etdirmegi ylalaşdylar.