Arhiw

Gazagystanyň Türkmenistan we Özbegistan bilen serhetlerinde elektron nobat ulgamy ornaşdyrylar

17:0817.03.2023
0
31496
Gazagystanyň Türkmenistan we Özbegistan bilen serhetlerinde elektron nobat ulgamy ornaşdyrylar
Surat: newscentralasia.net

Fewral aýynyň ahyryna çenli Gazagystanyň Türkmenistan we Özbegistan bilen serhetlerinde elektron nobat ulgamy ornaşdyrylar. Munuň özi ýük ulaglary bilen serhetden geçmegi çaltlaşdyrar diýip, «Kazinform» Gazagystanyň Döwlet girdeji komitetiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Habarda elektron nobat ulgamynyň Gazagystanyň Türkmenistan bilen serhetdäki «Temir-Baba» (Mangistau sebiti) barlag-goýberiş nokadynda işe giriziljekdigi bellenilýär. Şeýle hem Gazagystanyň döwlet serhedindäki ýene üç barlag nokadynda — Özbegistan bilen serhetdäki «Tažen» barlag-goýberiş nokadynda, Hytaý bilen serhetdäki «Bahty» (Abaý sebiti) we «Maýkapçagaý» (Gazagystanyň Gündogar sebiti) barlag nokatlarynda elektron nobat ulgamynyň ornaşdyryljakdygy aýdylýar.

Ulgamda, takmynan, 7,5 müň ulanyjynyň hasaba alnandygy we olaryň 84 müň nobat bronlamak amallaryny amala aşyrandyklary habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň