Turkmenportal logo
17.03.23
3728437284
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tatarystan iki sany lukmançylyk maksatly dikuçary Türkmenistana iberer
Tatarystan iki sany lukmançylyk maksatly dikuçary Türkmenistana iberer

Kazan dikuçar zawody lukmançylyk maksatly iki sany dikuçary Türkmenistana ibermegi meýilleşdirýär. TASS-yň habaryna görä, bu barada žurnalistlere Tatarystanyň premýer-ministriniň orunbasary — Senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko mälim etdi.


Korobçenkonyň sözlerine görä, Kazan dikuçar zawody häzirki wagtda Türkmenistana Mi-8 we «ANSAT» lukmançylyk maksatly iki sany dikuçary eltmek barada gepleşik geçirýär.


Penşenbe güni Aşgabatda Türkmen-tatarystan işewürlik forumynyň geçirilendigini ýatladýarys. Oňa söwda we ykdysady, ylmy, tehniki, medeni-ynsanperwerlik hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-tatarystan wekilýetiniň wekilleri gatnaşdy.


Çeşme 2009-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli döwürde Kazan dikuçar zawodynyň Türkmenistana 13 sany dikuçar iberendigini belleýär.