Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa ligasy: «Ýunaýted» we «Ýuwentus» çärýek finalda, «Arsenal» ýaryşdan çykdy

07:5217.03.2023
0
22152

Ýewropa ligasynda çärýek finalyň ähli gatnaşyjylary belli boldy.

Ýaryşyň çärýek final ýollanmasyna «Mançester Ýunaýted» (Angliýa), «Ýuwentus» (Italiýa), «Sewilýa» (Ispaniýa), «Feýenord» (Niderlandlar), «Roma» (Italiýa), «Ýunion» (Belgiýa), «Baýer» (Germaniýa) we «Sporting» (Portugaliýa) ýaly toparlar eýe çykdylar.

ÝL-iň 1/8 finalynda «Mançester Ýunaýtedi» «Betisi» (4:1, 1:0), «Ýuwentus» «Fraýburgy» (1:0, 2:0), «Sewilýa» «Fenerbahçeni» (2:0, 0:1) we «Feýenord» «Şahtýory» (1:1, 7:1) ýaryşdan çykardy.

Şeýle-de, «Roma» «Real Sosýedaddan» (0:0, 2:0), belgiýanyň «Ýunion» kluby nemesleriň «Union Berlin» toparyndan (3:0, 3:3), «Baýer» bolsa «Ferenswaroşdan» (2:0, 2:0) üstün çykyp, indiki tapgyrda gatnaşmaga hukuk gazandy.

Çärýek finalyň soňky ýollanmasynyň ykbaly «Arsenal» — «Sporting» oýnunda çözüldi. Bu jübütiň arasyndaky iki oýunda hem güýçleriň deň gelendigi (1:1, 2:2) sebäpli, ýeňiji oýundan soňky penaltiler boýunça kesgitlenildi. Futbol lotoreýasynda «Sporting» 5:3 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ýewropa ligasynyň çärýek we ýarym final tapgyrlary üçin bijeler 17-nji martda Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň