Fransiýa Respublikasynyň Telekeçiler assosiasiýasynyň (MEDEFI) we iri halkara kompaniýalarynyň agzalary iş sapary bilen Aşgabada geldiler. Iki günlük saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda türkmen-fransuz işewürler maslahaty geçirilýär.
Iş saparynyň dowamynda myhmanlar Türkmenistanyň oba hojalygy, ulag-logistika, energetika, maşyn gurluşygy, inžener tehnologiýalary, gurluşyk, hemra aragatnaşygy, söwda, saglygy goraýyş boýunça degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirerler. Gepleşikler özara işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdiriler. Şeýle hem fransuz işewürleri saparyň barşynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergä hem baryp görerler hem-de türkmen-fransuz işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Fransuz wekiliýetiniň düzümine Fransiýanyň ykdysadyýet, söwda we telekeçilik boýunça döwlet edaralarynyň wekilleri, şeýle hem «Sanofi», «Thales», «Schneider Electric», «Bouygues Batiment International», «Rothschild & CO», «Airbus», «Alstom», «CLAAS Tractor», «Dassault Aviation», «Geismar», «Quantum International», «MBDA» ýaly iri kompaniýalaryň 20-ä golaýynyň ýolbaşçylary girýär.