Turkmenportal logo
16.03.23
3178131781
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň kuraş ýygyndysy Özbegistanda türgenleşýär
Türkmenistanyň kuraş ýygyndysy Özbegistanda türgenleşýär

Özbegistanyň «UzA» Milli habar agentligi Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysynyň şu günler Daşkent şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýändigini habar berdi.


Türkmen ýygyndysynyň Özbegistandaky türgenleşikleri 22-nji marta çenli dowam eder. Türgenleşiklere türkmenistanly we özbegistanly tejribeli tälimçiler seljerme berer.


Türkmenistanyň tälimçiler we türgenler düzüminiň ilkinji maksady öňde duran halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, geljek ýyl Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmakdyr.


Häzirki günlerde Özbegistanda türkmen ýygyndysyndan daşary Beýik Beritaniýanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Koreýa Respublikasynyň, Eýranyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Maltanyň, Nepalyň, Türkiýäniň, Indoneziýanyň we Rumyniýanyň ýygyndylary hem türgenleşýärler.