Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenfilm» birleşigi Milli bahar baýramy mynasybetli üç sany täze film hödürleýär

10:0816.03.2023
0
38417

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi Milli bahar baýramy mynasybetli, 2023-nji ýylyň 16-njy martynda «Ynjytma» (15:00), 17-nji martda «Hüýrlukga-Hemra» (15:00), 18-nji martda «Ýaşlar» (17:00) atly täze döredilen çeper filmleriniň «Aşgabat» kinoteatrynda ilkinji gezek görkezilişini we döredijilik duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär.

«Ynjytma» atly gysga göwrümli çeper filminiň goýujy kinorežissýory Sapardurdy Annaýew, awtorlary Hydyr, Ylýas Amangeldiýewler.

Filmiň baş gahrymany 14-15 ýaşlaryndaky Geldimyrat, ol filmiň dowamynda sazy gözi bilen görýär. Onuň owadanlygyna, reňkdarlygyna, hereketlerine haýran bolýar. Çalýan sazyny görüp duran ussat sazandalyga ýetýänçä, ol birnäçe kynçylyklary başdan geçirýär. Ol gargy tüýdükçiniň ogly bolansoň, dutar öwrenende, onuň kakuwyna üns bermändir. Bu säwligi sebäpli dutar çalanda, onuň sag eli çep elinden gowşak gelýär. Emma türkmeniň dutar sungatynyň çylşyrymly aýratynlyklarynyň biri hem onuň kakuwy bolup durýar. Kakuwy dogry, dürs bolmadyk sazandanyň çalan sazy hem talap edilýän derejesine ýetip bilmeýär. Geldimyrat dutary hernäçe yhlas edip çalsa-da, kakuwyny oňarmaýandygy üçin, sazlary bärden gaýdýar. Oglunyň saz çalyşyndaky bu kemçiligini aýyrmagy üçin, kakasy ony belli dutar halypasynyň ýanyna getirýär. Halypa şägirdini bir hepde ýanynda saklap, çylşyrymly kakuwlary başarmaýandygy üçin yzyna ugradýar. Ony kakasy bilen öýlerine ugratsa-da, şägirdiniň geljekde uly sazanda bolup ýetişjekdigini ýüregi syzýar. Hatda ondan uly sazanda çykmasa-da, bu eden hereketiniň tersdigine halypa düşünýär hem şägirdiniň yzyndan gidýär. Ony ýene öýüne getirýär, oňa saz öwretmegini dowam etdirýär. Bu wakalaryň üsti bilen filmde türkmen dutarynyň ajaýyplygyny we dutarçylaryň ýerine ýetirijilik ussatlyklarynyň inçe syrlaryny açyp görkezmäge çalşylýar.

«Hüýrlukga-Hemra» atly doly göwrümli çeper filminiň awtory we goýujy kinorežissýory Myrat Orazow.

Çeper filmde ynsanyň päk söýgüsi wasp edilýär, zalymlyga ýigrenç döredilýär, dostluk, mertlik, wepadarlyk ýaly häsiýetler suratlandyrylýar. Filmde Hysrow şanyň durmuşy bilen bagly wakalar eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Iki ýaş juwanyň söýgüsi, olaryň durmuşy bilen bagly dartgynly wakalar beýan edilýär.

«Ýaşlar» atly gysga göwrümli çeper filmiň goýujy kinorežissýory Isgendermuhammet Annamuhammedow, awtory Öre Daşgynow.

Çeper filmde häzirki zaman ýaşlarynyň ilkinji söýgi gatnaşyklary, toý däp-dessurlary, olaryň durmuş ýollaryndaky garaşylmadyk pursatlar suratlandyrylýar. Ýaşlaryň durmuş toýuna çenli bolýan gyzykly duşuşyklary, gelnalyjydaky çekeleşikli toý pursatlary we birinji çaga dünýä inýän wagtyna çenli dowam edýän wakalar tomaşaçyny ýylgyrtmaga mejbur edýär. Gahrymanlaryň keşplerinde sadalyk, ýygralyk, degişgenlik, ýeserlik, oýun etmek, henek atmak ýaly birnäçe häsiýetler açylyp görkezilýär. Şeýle häsiýetleriň üsti bilen ynsan durmuşyna mahsus bolan ownuk-uşak, düzedip bolaýjak kemçilikler ýazgarylyp, ýumşaklyk bilen üstünden gülünýär. Filmiň düýp maksady, degişmäniň üsti bilen ýaşlary sagdyn durmuş ýoluna ugrukdyrmaga, dogry terbiýe bermäge gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň