Turkmenportal logo
15.03.23
2781627816
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň çagalar kitaphanalarynyň arasynda onlaýn maslahat geçirildi
Türkmenistanyň çagalar kitaphanalarynyň arasynda onlaýn maslahat geçirildi

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň wekilleri şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministirligi we B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan teleköpri arkaly guralan «Kämil ýaşlar ― ertirki güne ynam» atly maslahata gatnaşdy.



- Maslahat Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň çagalar kitaphanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Oňa gatnaşyjylar çagalar kitaphanasynyň işini göwnejaý ýola goýmak, ýaş okyjylar bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, ýaş nesliň okamaga bolan howesini artdyrmaga täsir edýän dürli temalar boýunça özara pikir alyşdylar - diýip, Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň direktory Altyn Akyýewa "Turkmenportalyň" habarçysyna gürrüň berdi.



Maslahatda çagalar kitaphanalarynyň kitap gorunyň üstüniň yzygiderli ýetirilýändigi hem nygtaldy. Şeýle hem oňa gatnaşyjylar çagalarda kitaba bolan gyzyklandyrmany artdyrmak, işde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak bilen bagly tejribelerini hem paýlaşdylar.