Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasynda Nowruz baýramy mynasybetli Açyk gapylar güni geçirildi

17:0415.03.2023
0
30898

Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy Açyk gapylar gününi geçirdi. Bu barada ilçihananyň sosial ulgamlardaky sahypalarynda habar berildi.

Bu maglumat beriş we tanyşlyk çäresine Astana şäherinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri çagyryldy.

Çäräniň barşynda duşuşygyň myhmanlary türkmen medeniýetiniň aýratynlyklary, türkmen halkynyň däp-dessurlary bilen tanyşdyryldy.

Açyk gapylar gününiň çäklerinde halk senetçiligi we milli eşikler görkezilýän sergi ýaýbaňlandyryldy.

Myhmanlara türkmen milli aşhanasynyň tagamlaryndan hödür-kerem edildi diýip, Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy sosial ulgamlarda habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň