Türkmenistanyň sungat mekdepleriniň mugallymlary tejribe alyşdylar

15:4115.03.2023
0
28611

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde okuw-usuly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň ýörite sungat mekdepleriniň ýolbaşçylary we mugallymlary gatnaşdylar.

Onda fortepiano, konsertmeýster we kamera ansambly ýaly hünärler boýunça tejribeli mugallymlaryň çykyşlary diňlenildi. Sungat mekdepleriniň talyplarynyň aýdym-saz gorunda türkmen kompozitorlarynyň eserleriniň aýratyn ornuna, kamera ansamblyna we fortepiano duetine, belli-belli saz eserlerine bagyşlanan çykyşlar boldy. Türkmenistanda aýdym-saz medeniýetiniň ösüşiniň döwrebap wezipeleri, türkmen kompozitorlarynyň döredijilik mirasyny çuňňur öwrenmek we gorap saklamak barada gürrüň edildi. Şonuň ýaly-da, mowzuklaýyn açyk sapaklar berildi.

Okuw-usuly maslahaty mynasybetli welaýat ýörite sungat mekdebinde öwrediji gollanmalardan, kitaplardan we beýleki maglumatlardan ybarat sergi hem ýaýbaňlandyryldy. Bu barada «Jeyhun.news» ýazýar.
Okuw-usuly maslahaty welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň taýýarlan konserti bilen jemlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň