«Vitol Bahrain E.C.» kompaniýasynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

14:1215.03.2023
0
27645
«Vitol Bahrain E.C.» kompaniýasynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi
Surat: newscentralasia.net

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri bilen Bahreýn Patyşalygynyň «Vitol Bahrain E.C.» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Geçirilen duşuşygyň dowamynda ýurduň halkara ýüzüşi amala aşyrýan gämilerinde, şol sanda nebit we nebit önümlerini daşaýan gämilerinde, Halkara klassifikasion jemgyýetiniň talabyna laýyklykda, yzygiderli abatlaýyş işleri geçirilýändigi beýan edilip, taraplar gämileri abatlamak we maýa goýum goýmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

2019-njy ýyldan häzirki güne çenli «Deňizsöwdafloty» paýdarlar jemgyýeti bilen «Vitol Bahrain E.C.» kompaniýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barlyp, milli flotuň nebit we nebit önümlerini daşaýjy tankerleri bolan «Hazar», «Alaja», «Kenar», «Etrek», «Jeýhun», «Sumbar» gämileri arkaly kompaniýanyň çig nebit we nebit önümleri halkara ýüzüşlerde daşalýandygyny bellemek gerek.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürilmeginiň we meýilleşdirilýän meseleleriň amala aşmagy üçin degişli işleriniň geçiriljekdigini belläp geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň