Russiýanyň halk artisti Mihail Boýarskiý teatrdaky zähmet ýoluny tamamlamakçy, bu barada ol ýurduň teleýaýlymlarynyň birinde habar berdi diýip, «RIA Nowosti» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» saýty ýazýar.
Artistiň sözlerine görä, onuň bu gelen karary saglygy bilen baglydyr. Boýarskiý 2021-nji ýylda başdan geçiren koronawirus keselinden soň saglygynyň ýaramazlaşandygyny aýtdy. Ol keselden gutulan hem bolsa, sahnada kynlyk bilen hereket edýändigini, aýdym aýtmagyň, tans etmegiň hemişe başardyp durmaýandygyny gizlemedi.
«Öňkülerim ýaly ýeňil gopup bilmeýärin. Onsoňam kowidden soňky bimarlyk diýseň ýakymsyz ýagdaý bolar ekeni» diýip, goja artist zeýrendi.
Ol özüne öýde köpräk bolup, agtyklary bilen wagt geçirmegiň ýaraýandygyny aýtdy.
Geçen ýylyň dekabrynda Mihail Boýarskiý 73 ýaşady. 1990-njy ýyldan bäri ol Russiýanyň halk artisti derejesiniň eýesi. Aktýorlyk zähmet ýolunyň dowamynda Boýarskiý onlarça çeper filmde baş keşpleri döretdi, olaryň arasynda «D’Artanýan we üç muşketçi», «Uly ogul», «Kölegedäki köpek», «Artykmaç petek» filmleri artiste has uly meşhurlyk getirdi.