Turkmenportal logo
15.03.23
1811718117
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Türkmenistan derbisinde «Köpetdag» «Deňizçiden» üstün çykdy
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Türkmenistan derbisinde «Köpetdag» «Deňizçiden» üstün çykdy

Futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň birinji aýlawynyň esasy duşuşygy 2-nji tapgyrda geçirildi. Onda çempionlygyň esasy dalaşgärleri «Deňizçi» bilen «Köpetdag» özara güýç synanyşdylar.


Geçen möwsümi çempionlyk bilen tamamlan «Deňizçi» duşuşykda güýçli garşydaşyndan 0:1 hasabynda asgyn geldi. Şeýlelikde, iki duşuşykda 6 utuk ýygnan «Köpetdag» esasy bäsdeşinden 3 utuk öňe saýlanyp, ýaryşyň öňdebaryjylarynyň hataryna goşuldy.


Megerem, aýlawdaky iň kyn duşuşygyny geçiren «Köpetdag» 3-nji tapgyrda (16-njy mart) «Turan» bilen duşuşar. «Deňizçä» bolsa ýene bir kyn synag garaşýar. Türkmenbaşy şäherine wekilçilik edýän toparyň ertirki garşydaşy ýaryşyň öňdebaryjysy «Senagatbank» bolar.