Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Keniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

10:4815.03.2023
0
26005
Türkmenistan bilen Keniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy
Surat: un.mission.gov.tm

14-nji martda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Keniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Gol çekmek dabarasynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Keniýa Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Martin Kimaniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Hemişelik wekiller iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň, şeýle hem halkara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirilýändigini tassykladylar.

Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar, şeýle hem BMG-niň gün tertibinde duran Türkmenistanyň we Keniýa Respublikasynyň gyzyklanma bildirýän meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň