Top.Mail.Ru

Türkmen wekiliýeti Parlamentara bileleşiginiň 146-njy Assambleýasynyň işine gatnaşýar

10:0015.03.2023
0
22916
Türkmen wekiliýeti Parlamentara bileleşiginiň 146-njy Assambleýasynyň işine gatnaşýar
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary G.Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 11 — 15-nji marty aralygynda Manama şäherinde (Bahreýn Patyşalygy) geçirilýän Parlamentara bileleşiginiň 146-njy Assambleýasynyň işine gatnaşýar. Assambleýanyň işine 117 sany daşary ýurt parlament wekiliýetleri gatnaşýar.

Parlamentara bileleşiginiň Assambleýasynyň umumy garaýyşlary «Parahatçylykly ýaşamaga ýardam bermek we inklýuziw jemgyýet: çydamsyzlyga garşy göreşmek» atly temada jemlenendir. Bu bolsa wekiliýetlere agzalan ugur boýunça maslahatlaşmaga, pikir alyşmaga we parlament gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam edýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Parlamentara bileleşigiň Assambleýasynyň umumy mejlisindäki çykyşynyň dowamynda nygtaýyşy ýaly, häzirki wagtda parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, döwrümiziň meselelerine, howplaryna garşy durmak meselesinde dürli ýurtlaryň parlamentlerine uly orun berilýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy üpjün etmek, halk wekilçiliginiň, demokratiýanyň we kanunçylygyň esaslaryny berkitmeklik bolup durýandygy bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Parlamentara bileleşiginiň Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Parlament wekiliýetiniň ýolbaşçysy Goşulyşmazlyk Hereketiniň Parlament torunyň ikinji maslahatynda çykyş etdi. Maslahatyň dowamynda pandemiýadan soňky dikeldiş ugrunda milli we ählumumy tagallalarda parlament goldawy we Goşulyşmazlyk Hereketiniň Parlament Toruny kämilleşdirmek boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Wekilçilikli forumynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň ýolbaşçysy parlamentara gatnaşyklaryň döwletara we hökümetara ylalaşyklary guramaçylykly durmuşa geçirmäge, medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary berkitmäge amatly mümkinçilikleri döredýändigini belledi.

Şeýle hem häzirki wagtda ähli ýurtlaryň parlamentleri pandemiýadan soňky dikeldiş ugrunda tagallalary goldaýar. Bu nukdaýnazardan ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen meselelerde milli tejribeleri alyşmak maksadalaýyk bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň