Soňky habarlar

Arhiw

CAFA ― 2023-e gatnaşjak sekizinji topar Tailandyň ýygyndysy bolup biler

13:1114.03.2023
0
36734

Tailandyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy tarapyndan geçiriljek ilkinji çempionata gatnaşjak sekizinji ýygyndy bolmagy ahmal. Bu barada «Sport-Ekspress» habar berýär.

Häzir bu ýaryşa assosiasiýanyň alty agzasynyň ― Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň we goşmaça Russiýanyň futbol ýygyndylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

CAFA ― 2023 halkara futbol ýaryşy şu ýylyň iýun aýynda Daşkent we Bişkek şäherlerinde geçiriler.

Tailandyň Futbol assosiasiýasy 1925-nji ýylda döredildi. Ýurduň milli ýygyndysy häzir FIFA-nyň reýtinginde 111-nji orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň