Turkmenportal logo
13.03.23
3458434584
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Santa-Krusdaky sil joşgunlary: ýaşaýjylary göçürýärler
Santa-Krusdaky sil joşgunlary: ýaşaýjylary göçürýärlerSurat: 24.kz

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Santa-Krus okrugynyň 10 müň töweregi ýaşaýjysy göçürilýändikleri barada habarnama aldylar. Sebäbi sebite güýçli sil joşgunlary aralaşdy. Yzyny kesmän ýagýan çabgalar netijesinde ýerli derýanyň suwy kenaryndan agdy. 25 müňden gowrak öý elektriksiz galdy. Çabgalar zerarly bu ýerde gar çalt ereýär. Ýerli häkimiýetler munuň uly sil joşmalaryna getirmeginden howatyrlanýarlar diýip, «Habar 24» ýazýar.


Sil joşmalary Peruwyň hem demirgazyk bölegini basdy, sebäbi sebite «Ýaku» deňiz harasaty aralaşdy. Ol ýyly we sowuk howa akymlarynyň çaknyşmagyndan emele geldi, netijede, müňlerçe adam öýsüz galdy, mekdepler ýapyldy, ulag gatnawy bozuldy, awtoulag ýollaryny suw basdy.