Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Italiýaly arhitektor Türkmenistanda saparda bolýar

15:1412.03.2023
0
53749

Italiýa Respublikasynyň dünýä belli “Foskarini” kompaniýasynyň utgaşdyryjysy, Italýan arhitektory Matteo Rubinati Italýan dizaýny hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzda iş saparynda bolýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi.

Italýan arhitektory Matteo Rubinati Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirilýän hepdeligiň dowamynda institutyň binagärlik, şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek hem-de binagärlik gurşawynyň dizaýny hünärleri boýunça bilim alýan talyplaryň arasynda «Yşyklandyrýan hil, dizaýnyň adama we daşky gurşawa edýän täsiri» temadan okuw sapagyny geçirdi. Bu okuw sapagy talyp ýaşlaryň italýan binagärliginiň hem-de dizaýnynyň aýratynlyklary baradaky bilimlerini has-da artdyrdy. Okuw sapagynyň dowamynda talyplar sorag-jogap alyşdylar.

Bu okuw sapagy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýyla çenli ýurduň ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak baradaky tabşyryklarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Hepdeligiň çäginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň işleriniň sergisi hem guraldy.

2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Milanyň Politehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy. Şol Ähtnamanyň çäginde ýokary okuw mekdepleriň arasynda netijeli işler alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň