Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň nobatdaky konferensiýasy geçirildi

12:4111.03.2023
0
58834

Aşgabat şäherindäki “Arçabil” myhmanhanasynyň mejlisler otagynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň nobatdaky konferensiýasy geçirildi.

Ýurdumyzyň futbol toparlarynyň wekilleri, futbol agzalary bilen geçirilen konferensiýada geçen möwsümiň jemleri, geljek möwsümde edilmeli işler bilen birlikde, köp ugurdaky meselelere garaldy.

Konferensiýada TFF-niň başlygy, başlygynyň orunbasary, Baş sekretary we beýleki degişli hünärmenler çykyş etdiler. Konferensiýanyň dowamynda çykyş eden TFF-niň başlygy Arslan Aýnazarow ýurdumyzda futboly ösdürmekde saldamly işleriň alnyp barylýandygyny belläp, bu ugurdaky işleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Geçirilen konferensiýada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ony dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy bellenilip geçildi. Şol bir wagtda ýurdumyzda futboly ýokary derejä çykarmakda hem köp işleriň alnyp barylýandygy aýratyn bellenildi.

Şu ýylyň 24-nji ýanwarynda geçirilen TFF-niň nobatdan daşary konferensiýasynyň çägindäki ýerine ýetiriji komitetiň çözgüdi esasynda geçirilen nobatdaky konferensiýada TFF-de geçen möwsümde alnyp barlan işler, geljek möwsümde edilmeli işler bilen birlikde köp meselelere seredilip geçildi.

Umuman geçirilen konferensiýa sport ýurduna öwrülýän eziz Watanymyzda futboly ösdürmekde Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem saldamly goşant goşýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň