Soňky habarlar

Arhiw

Lebapda Türkmenistanyň ýörite sungat mekdepleriniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda okuw-usuly maslahat geçirildi

11:3611.03.2023
0
26304

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň ýörite sungat mekdepleriniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda okuw-usuly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy we guramaçylygy bilen geçirilen maslahata ýurduň ähli künjeklerinden wekiller gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy we guramasy bilen bu professional forum ýurduň dürli künjeklerinden ýöriteleşdirilen sungat mekdepleriniň ýolbaşçylaryny we mugallymlaryny bir ýere jemledi.

Okuw-usuly maslahatyň meýilnamasy fortepiano, konsertmeýster we kamera ansambly ýaly hünärler boýunça tejribeli mugallymlaryň çykyşlaryny diňlemekden we möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Maslahata gatnaşyjylar Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Dilaram Awanesowanyň sungat mekdepleriniň talyplarynyň aýdym-saz gorunda türkmen kompozitorlarynyň eserleriniň aýratyn ornuna, Balkan welaýatyndan gelen mugallym Arzygül Ýoldaşowanyň kamera ansamblyna we foterpiano duetine hem-de ahally mugallym Merjen Abdyresulowanyň belli-belli eserleri talyplaryň ýerine ýetiriş aýratynlyklaryna bagyşlanan çykyşlary has täsirli boldy.

Türkmenistanda aýdym-saz medeniýetiniň ösüşiniň döwrebap wezipelerine, türkmen kompozitorlarynyň döredijilik mirasyny çuňňur öwrenmäge we gorap saklamaga bagyşlanan çykyşlar bilen bilelikde mowzuklaýyn açyk sapaklar hem täsirli pikir alyşmanyň möhüm sahypalaryna öwrüldi. Maslahatyň dowamynda welaýatymyzyň ýörite sungat mekdebiniň fortepiano hünäri boýunça tejribeli mugallymlary talyplar bilen birlikde açyk sapaklary geçirip, gozgalýan meseleleriň we olaryň çözgüdiniň has aýdyňlaşmagyna ýardam berdiler. Şunda sanly ulgamyň häzirkizaman mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy açyk sapaklaryň täsirliligini has-da artdyrdy. Sapaklary dürli slaýdlar, suratlar we nusgawy eserleriň ýazgylary baýlaşdyrdy.

Bu okuw-usuly maslahaty mynasybetli welaýat ýörite sungat mekdebinde myhmanlar üçin öwrediji gollanmalardan, kitaplardan we beýleki maglumatlardan ybarat sergi hem ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerdäki eserleriň ählisiniň hut şu mekdebiň mugallymlarynyň işi bolmagy serginiň esasy aýratynlygyna öwrüldi. Şeýle hem myhmanlar mekdebiň mugallymlarynyň we talyplarynyň köp sanly milli we halkara derejeli bäsleşiklerde gazanan üstünliklerine güwä geçýän Hormat hatlarynyň sergisini uly gyzyklanma bilen synladylar.

Okuw-usuly maslahat welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary tarapyndan berlen konsert bilen jemlendi. Onda türkmen we dünýä hazynasynyň nusgawy aýdym-saz eserleri ýerine ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň