Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan MHG bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýar

10:0211.03.2023
0
27224

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy jenap Zeýnal Gajiýew bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurdumyzyň Halkara migrasiýa guramasy bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, olaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alnyp maslahatlaşdylar.

Myhman Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Taraplar migrasiýany dolandyrmak babatynda halkara kadalary içerki kanunçylyga ornaşdyrmak we migrasiýa kanunçylygyny iş ýüzünde netijeli durmuşa geçirmekligiň ähmiýetlidigini, parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatyndaky ähli başlangyçlar we maksatnamalar boýunça hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmäge taýýardygyny bellediler.

Şeýle hem döwletimiz Halkara migrasiýa guramasynyň agzasy bolmak bilen, adam söwdasyna garşy göreşmek, dürli howplaryň öňüni almak we beýleki wajyp meseleler boýunça bu gurama bilen köp ýyllardan bäri hyzmatdaşlygy amala aşyryp gelýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Halkara migrasiýa guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň barha giňeýändigi barada aýdyp, migrasiýa babatdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň