Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Si Szinpine gutlag hatyny ýollady

22:5410.03.2023
0
32580

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Bu ýokary wezipä gaýtadan saýlanmagyňyz Siziň döwlet dolandyrylyşy babatda öňe sürýän konsepsiýalaryňyzyň we pikirleriňiziň halk tarapyndan doly goldanylýandygynyň, şeýle-de durmuşa geçirýän netijeli içeri we daşary syýasatyňyzyň üstünlige beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Biz Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýäris — diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gutlagynda belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurduň öz ösüşinde täze belentliklere ýetjekdigine, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň bolsa iki ýurduň halklarynyň bähbidine has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň