Turkmenportal logo
10.03.23
2660926609
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň yklym birinjiliginde geçirjek oýunlarynyň wagty belli boldy
Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň yklym birinjiliginde geçirjek oýunlarynyň wagty belli boldy

Şaýbaly hokkeý boýunça halkara federasiýasy 2023-nji ýylda geçiriljek ýetginjekleriň arasyndaky (U-18) Aziýanyň we Ýuwaş ummany sebitiniň çempionatynyň oýunlarynyň senelerini we başlanýan wagtyny mälim etdi. Ýaryş 11-nji martdan 17-nji marta çenli Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde geçiriler.


Bäsleşikde çempionlayk üçin 6 topar bäsleşip, olar Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Taýlandyň. BAE-niň, Mongoliýanyň hem-de Eýrayň ýygydny toparlarydyr.


Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy ilkinji oýnuny 11-nji martda Özbegistana garşy geçirer. 12-nji martda Guwançyrat Jepbarowyň şägirtleri Taýlandyň ýetginjekler ýygyndysy bilen, 14-nj martda BAE-niň ýetginjekler ýygyndysy bilen, 15-nji martda bolsa ýer eýesi Mongoliýa bilen güýç synanyşarlar. Türkmenistanly ýetginjekler ýaryşdaky soňky duşuşyklarynda 17-nji martda eýranly deň-duşlaryna garşy buz meýdança çykarlar.


Ýaryşyň ähli oýunlary Ulan-Bator şäherindäki «Sähra» arenasynda geçiriler. Bu arena 2021-nji ýylda ulanylmaga berlen bolup, ol Halkara olimpiýa kimitetiniň talaplayna laýy gelýär hem-de halkara ýaryşlary, şeýle-de yklym birinjilikleri geçirmäge müminçilik berýär. Ol 2600 tomaşaça niýetlenendir.


Ýaryşyň ähli oýunlarynyň geçiş tertibi bilen Şaýbaly hokkeý boýunça halkara federasiýasynyň reesmi saýtynda tanşyp bilersiňiz:


Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň geçirjek oýunlary:


Özbegistan — Türkmenistan (11 mart, aşgabat wagty bilen sagat 14:00);


Taýland — Türkmenistan (12 mart, aşgabat wagty bilen sagat 10:30);


BAE — Türkmenistan (14 mart, aşgabat wagty bilen sagat 14:00);


Türkmenistan — Mongoliýa (15 mart, aşgabat wagty bilen sagat 17:30);


Türkmenistan — Eýran (17 mart, aşgabat wagty bilen sagat 10:30).