Şu gün Türkmenistan Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guramagynda geçirilýän «Aşgabat — dizaýn şäherim» sergisi açyldy.
_%D0%BD%D0%BE%D0%B2%D1%8B%D0%B9%20%D1%80%D0%B0%D0%B7%D0%BC%D0%B5%D1%80.jpg)
Sergide 60 taslama, 32 maket, 6 surat, şeýle hem amaly-haşam sungatyna degişli köp sanly eser görkezilýär. Eserleriň awtorlary Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn we arhitektura kafedralarynyň mugallymlary we talyplary bolup, olaryň işlerinde Aşgabadyň geljekki ösüşine strategik garaýyş jemlenýär.
_%D0%BD%D0%BE%D0%B2%D1%8B%D0%B9%20%D1%80%D0%B0%D0%B7%D0%BC%D0%B5%D1%80.jpg)
Eksponatlaryň arasynda paýtagtyň binalaryny bezemek üçin has köp ulanylýan seýilgäh toplumlarynyň özboluşly taslamalary, şäher yşyklandyryşy, mozaýka panelleri we heýkeltaraşlyk kompozisiýalary bar.

