Top.Mail.Ru

Türkmenistandan Hytaýa barjak ýolagçylardan PCR testi talap ediler

09:2110.03.2023
1
30155

«Türkmenistan awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçylara 19-njy martdan Aşgabat – Pekin – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawlarynynyň ýerine ýetirip başlaýandygyny ýene bir gezek ýatladyp, olara möhüm mesele bilen ýüzlendi.

Kompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirilen bildirişde aýdylyşy ýaly, Hytaý Halk Respublikasyna gitmegi meýilleşdirýän ähli ýolagçylaryň ýanynda 48 sagatdan köp bolmadyk möhletli negatiw PCR testi we agyz-burun örtügi bolmalydyr. Şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Migrasiýa gullugyna pasport barlagyna barmazdan ozal, «Wechat» programmasynda ýa-da https://htdecl.chinaport.gov.cn saýt salgysyna girip, doldurylan Saglyk Deklarasiýasynyň (Health Declaration) netijesinde ýolagçynyň şahsy QR kody bolmaly.

Awiakompaniýanyň Aşgabat ― Pekin aralygyndaky uçuşlary her hepdäniň sişenbe, anna we ýekşenbe günleri amala aşyrjakdygyny ýatladýarys. Şeýle hem 28-nji martdan başlap, hepdede bir gezek ― sişenbe güni Aşgabat ― Urumçi ― Aşgabat aralygynda hem uçuşlar ýola goýlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň