Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýollary maslahatlaşyldy

20:0409.03.2023
0
34341
Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýollary maslahatlaşyldy
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Uwe Birhoff bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

M.Bäşimowa Türkmenistanyň GFR bilen ikitaraplaýyn görnüşindäki hem-de halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy barada nygtady.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryny geljekde hem giňeltmegiň ýollary bilen bagly pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-german bilelikdäki iş toparynyň ähmiýetini nygtadylar hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de tejribe alyşmak maksady bilen bilelikdäki işewürler maslahatlaryny, sergileri geçirmeklik teklip edildi.

Şeýle hem bilim, ylym, saglygy goraýyş we medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk barada bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň