Soňky habarlar

Arhiw

«Sony Music Entertainment» Lionel Messi barada multfilm surata düşürer

14:5509.03.2023
0
19099

Dünýä futbolynyň super ýyldyzy Lionel Messi barada animasiýa surata düşüriler. Bu barada amerikan žurnaly «Deadline» habar berýär.

«Sony Music Entertainment» tarapyndan ekranlaşdyryljak animasiýa köp bölümli bolup, ol iňlis, ispan we başga-da birnäçe dillerde görkeziler. Entek ady mälim edilmedik animasiýanyň haçan we haýsy ýaýlymda efire beriljekdigi häzirlikçe belli däl. Lionel Messi animasiýa barada:

– Çagalykdan bäri animasiýa seriallaryny diýseň halaýaryn. Meniň çagalarym hem gowy görýär. Olar esasan hem animasiýalaryň käbir gahrymanlarynyň muşdagy. Animasiýa taslamasynyň bir bölegi bolmak, meniň arzuwlarymyň birini amala aşyrmak diýmekdir. Bu ýagdaý meni diýseň buýsandyrýar hem-de begendirýär. «Sony Music» studiýasyna-da öz minnetdarlygymy bildirýärin. Bu animasiýa hemmeleriň göwnünden turar diýip tama edýärin – diýip, täze taslama barada öz pikirini beýan etdi. Animasiýada Messiniň keşbi kompýuter oýunlaryndaky ýaly dürli kynçylyklardan, päsgelçiliklerden geçip, soňuna arzuwyna ýetýän gahryman çaga ýaly janlandyrylar. Körpelere we ýetginjeklere niýetlenen animasiýada Messiniň Dünýä Kubogyny gazanyşy barada hem durlup geçiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň